Iň täze habarlar

ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýär

14.10.2024 | 23:30 |
 ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýär

ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda suwdan tygşytly peýdalanmaga we suw çeşmelerini dolandyrmakda durnukly tejribäni birleşdirmäge gönükdirilen innowasiýa başlangyjy durmuşa geçirip başlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-nyň 10 guramasy bilen çäkleri paýlaşýar, bu ýerdäki töwerekleri yzygiderli suwarmak we abatlamak ep-esli suw talap edýär. Hasaplamalara BMG-nyň edara binasynyň meýdanyny suwarmak üçin her ýyl 14,000-17,000 litr aralygynda suw ulanylýar.

Suwy durnukly dolandyrmagy üpjün etmek we bu ugurda milli tagallalary goldamak üçin ÝUNISEF agyz suwlaryň sarp edilişini azaltmak üçin toplumlaýyn çözgüt teklip etdi. Bu başlangyç, agyz suwlary tomusda 50%, gyşda 90% -e çenli azaldýan hapa suwlary sorujy bilen çykaryş we arassalaýyş ulgamyny gurdy.

14102024-yunisef-zapuskaet-iniciativu-v-zdanii-oon-v-turkmenistane (1).JPG

Täze ulgam eýýäm işleýär we arassalanan suwy ýaşyl ýerleri suwarmak we awtoulaglary ýuwmak üçin arassa suw sarp edilişini ep-esli azaldar diýlip garaşylýar.

“Dünýäniň ýüzi Türkmenistana hem täsirini ýetirýän ösýän howa meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu taslama durnukly tejribäni durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri görkezýär. Bu uzaga gidýän nitijeli bolan uly bolmadyk başlangyç. Diňe suw tygşytlamak bilen çäklenmän, ýaşyl geljege maýa goýýarys” – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň dolandyryş bölüminiň ýolbaşçysy Boris Ter-Semýonow belledi.

14102024-yunisef-zapuskaet-iniciativu-v-zdanii-oon-v-turkmenistane (1).jpeg

Mundan başga-da, taslama her ýyl agyz suw çykdajylarynyň 72% -ini tygşytlamak bilen ep-esli maliýe peýdalaryny üpjün edýär. Hapa suwlary sorujy bilen çykarmak we arassalamak ulgamynyň gurulmagy, esasanam gurak sebitlerde ekologik başlangyçlaryna durnukly maýa goýumlarynyň mysaly bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek baradaky borçnamalara laýyk gelýär diýip, ÝUNISEF-iň Aşgabatdy wekilhanasynyň metbugat beýanatynda bellendi.

ORIENT news

Foto: UNICEF in Turkmenistan

Şeýle hem okaň: