Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi

12.10.2024 | 11:50 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanlary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşan döwlet Baştutanlary bilen iki taraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly myhmanlary “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlady we olar bilen döwletara gatnaşyklary barada pikir alyşdy.

Şeýlelik bilen, türkmen halkynyň milli lideriniň Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda strategiki hyzmatdaşlygyň çäginde, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýokary derejede we daşary işler ministrlikleri hem-de iki döwletiň parlamentleriniň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlyk esasynda, syýasy, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky oňyn ösüşiň saklanýandygyny belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýandygyny aýdyp, iki ýurtda özara Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigini, bu çäreleriň doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi, nygtalyşy ýaly, Türkmenistan diňe bir Russiýanyň medeniýetine däl, eýsem, rus dilini we edebiýatyny öwrenmäge-de uly üns berýär. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň hereket etmegi bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär. Türkmen talyplarynyň on müňlerçesi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus topary tarapyndan utgaşdyrylýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek köpugurly türkmen-rus dialogynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda bu toparyň başlyklarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär hem-de onuň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösmegine we pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi diýip TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçirilen duşuşygynda häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi beýan edildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu gatnaşyklar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Uzak möhletleýin işlenip düzülen dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigini bellenildi. Soňky ýyllarda işjeň medeni we ylmy alyşmalaryň ýola goýulmagy, türkmen hem eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi, özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýändigi, şol sanda BMG-niň we beýleki abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça hem gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçirlen duşuşynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşyldy.

Sadyr Žaparow Türkmenistan bilen erk-islege, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge Gyrgyzystanda uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bolan söwda-ykdysady ulgam türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisi şu ýylyň iýulynda geçirilen hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýär

Energetika we ulag ýaly strategik ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygy pudagynda, senagat toplumynda, hususy ugur boýunça türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söhbetdeşler Medeniýet günlerini, beýleki döredijilik çärelerini guramak, ylym-bilim we sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen geçiren duşuşygynda Şawkat Mirziýoýewiň beýik türkmen şahyrynyň baý döredijilik mirasyny wagyz etmäge we ebedileşdirmäge goşan şahsy goşandyna ýokary baha berdi. Şu ýylyň başynda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Karara gol çekilmegi, beýik söz ussady barada türkmen hem özbek kinematograflary tarapyndan bilelikdäki filmiň surata düşürilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda syýasy-diplomatik gatnaşyklara ünsi çekip, Türkmenistan bilen Özbegistanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygyny belledi.

Taryhyň, däp-dessurlaryň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy medeni-ynsanperwer ugurda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat edýär şeýle hem döredijilik wekiliýetleriniň iki ýurtda geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşmagy, Medeniýet günleriniň, filmleriň görkezilişleriniň, bilelikdäki konsertleriň, sergileriň, festiwallaryň guralmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedowa özbek diline terjime edilen “Magtymguly” atly kitaby sowgat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu goşgular ýygyndysynyň ýakyn günlerde tanyşdyryljakdygyny habar berdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: