Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy

15.10.2024 | 10:34 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy

14-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit himiýa we ýeňil senagat önümleri satyn alyndy.

Türkiýeniň telekeçileri “Б” markaly karbamidi satyn almak üçin “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmenistanyň işewürlik toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP D 30 S” markaly polipropileni satyn aldylar.
Dokma senagaty ministrliginden bolsa olar agardylmadyk nah ýüplüklerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 960 000 manada we 1 614 000 amerikan dollara barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchagnge.gov.tm

Şeýle hem okaň: