Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
15.10.2024 | 03:05 |Aşgabatda 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.
“Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly plenar mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda parlament gatnaşyklaryny berkitmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki meseleler bilen bir hatarda, parlamentara dialog hem ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde, özara gatnaşyklary giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Şunda Halklaryň arasynda özara düşünişmegiň işinde netijeli guraly bolup durýan parlamentara dostluk toparlaryna uly orny eýelemäge çagyryldy
Duşuşyk “Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat” we “Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly iki bölümçede dowam etdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar eýýäm netijeliligini görkezen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatynyň möhümdigini aýtdylar, bilelikdäki meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagyň zerurdygyny bellediler.
Şeýle-de duşuşykda durnukly ösüşi üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda milli tejribeleri alyşmak, parlament we kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary, parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, zenan parlamentarileriň we ýaş deputatlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň yzygiderli dialog hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek babatda netijeli meýdança boljakdygy nygtaldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijeleri teklipler esasynda kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy diýip, TDH habar berýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikinji türkmen-koreý geňeşme maslahaty geçirildi. Onda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary, şol sanda ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nurdinjon Ismoilow bilen iki taraplaýyn duşuşyklar geçirdi. Mundan başga-da parlamentara dostluk toparlarynyň derejesinde duşuşyklary boldy.
ORIENT news