Iň täze habarlar

Тürki döwletleriň suratkeşleriniň sergisi: geçiriljek ýeri we başlanýan wagty belli boldy

17.10.2024 | 16:25 |
 Тürki döwletleriň suratkeşleriniň sergisi: geçiriljek ýeri we başlanýan wagty belli boldy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň oktýabr aýynda gurnaljak Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 17-20-i aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde türki döwletleriň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçirilýär.

Bu Halkara duşuşyga Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, hem-de Türkmenistan döwletimizden – Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary gatnaşyp, Änew medeniýetini we onuň taryhy ýadygärliklerini wasp edýän nakgaşlyk eserlerini dörederler.

Duşuşygyň netijesinde, has takygy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalyp, onda duşuşygyň dowamynda döredilen eserler halk köpçüligine ýetiriler. Serginiň başlanýan wagty 14:00.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: