Iň täze habarlar

Türkmenistan we Mongoliýa hyzmatdaşlyk barada birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

12.10.2024 | 14:16 |
 Türkmenistan we Mongoliýa hyzmatdaşlyk barada birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda howa gatnawy we halkara awtomobil gatnawy barada iki sany hökümetara Ylalaşyklaryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Mongoliýanyň Azyk, oba hojalyk we ýeňil senagaty ministrliginiň arasynda weterinariýa we maldarçylyk hem-de azyk we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki sany Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Mongoliýanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministrliginiň derejesinde medeniýet hyzmatdaşlygy we syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalary baglaşyldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi diýip, “TDH”-nyň saýtynda bellenilýär.

ORIENT news

Foto: president.mn

Şeýle hem okaň: