Iň täze habarlar

Russiýada hemralarda emeli aňyň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

17.10.2024 | 13:10 |
 Russiýada hemralarda emeli aňyň ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Russiýanyň Sitronics Space hususy kompaniýasy älemiň özünde alnan maglumatlary taýýarlamak üçin emeli aň mümkinçiliklerini ulanmagy maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň Önümler we hyzmatlar bölüminiň direktory Ýuriý Ilýin habar berdi.

Älem enjamynda ýerleşdirilen emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanylmagy bulutlylykly we kemçilikli suratlary özbaşdak saýlamaga, şeýle hem ýerüsti obýektleri awtomatiki ýagdaýda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Gutarnykly netijeler boýunça ulanyjy taýýarlanylmagy bilen özi meşgullanjak suratlaryň gigabaýtlaryny däl-de, haýyşy boýunça anyk jogap, meselem, nebit önümleriniň dökülmeleriniň ýerlerini we aýratynlyklary barada maglumat alýar.

Älem tehnologiýalarynyň bazarynda dörän täze ugur, ýagny uly dil modelleriniň kömegi bilen ýörite endiksiz hem gerekli maglumatlary alyp bolýar. Munuň üçin haýyşyň adaty dilde düzülmegi ýeterlikdir.

ORIENT news

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: