Iň täze habarlar

“Türkmenpoçta” iberişleriň çalt eltip bermek hyzmatyny girizdi

17.10.2024 | 15:30 |
 “Türkmenpoçta” iberişleriň çalt eltip bermek hyzmatyny girizdi

Ilatyň ýurduň içinde iberişleriň çalt we ygtybarly eltip bermek zerurlygyny kanagtlandyrmak maksady bilen “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy täze “Ekspress poçta” hyzmatyny girizdi.

Bu hyzmat Türkmenistanyň howa menzillerinde tutuş gije-gündiziň dowamynda elýeterlidir. Iberişler siziň görkezen salgyňyz boýunça iň ýakyn gatnaw bilen ugradylar.

Müşderi agramy 10 kg çenli iberişleri ugradyp biler. Hyzmatyň tölegi birinji kg üçin 20 manada deňdir. Harytyň gaplamasy hem bu tölegiň içine girýär. Eger-de iberiş 1 kg köp bolsa, her indiki kg üçin goşmaça 5 manat tölenilýär.

Hatlary we resminamalary gyssagly ibermek mümkinçiligi hem fiziki, hem ýurdiki şahslar üçin elýeterlidir.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: