Iň täze habarlar

Gazagystanda “Telegram”-yň wekilhanasy dörediler

14.10.2024 | 14:03 |
 Gazagystanda “Telegram”-yň wekilhanasy dörediler

“Telegram” Gazagystanda öz edarasyny açar.

Bu barada ABŞ-nyň Söwda edarasynyň hem-de Meta we Apple ýaly iri amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşuklaryň netijeleri boýunça respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministri Žaslan Madiýew habar berdi diýip, “Kazinform” belleýär.

Duşuşyklarda maglumatlaryň howpsuzlygy, galp akkauntlara garşy göreş we ulanyjylaryň goraglylygy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Telegram” messenjeri 2013-nji ýylda Pawel we Nikolaý Durowlar tarapyndan döredildi. Bu gollanma tekst, ses we wideo görnüşinde habarlary, şeýle hem stiker, foro suratlary we dürli formatdaky faýllary almaga we ibermäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Foto: pewresearch.org

Şeýle hem okaň: