Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-mongol gepleşikleri geçirildi
12.10.2024 | 13:50 |Şu gün Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde mongol Lideri türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen türkmen paýtagtynda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly Halkara forumyna gatnaşdy.
Irden dostlukly döwletiň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Oguzhan adyndaky köşkler toplumyna ugrady. Türkmenbaşy-Galkynyş köçeleriniň çatrygyndan Mongoliýanyň Prezidentiniň awtoulag kerwenini atly hormat nyzamy ugratdy.
Köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Baştutany mähirli garşylady. Dostlarça salamlaşyp, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Köşkler toplumynyň içine girip, şol ýerde mongol Liderini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Ondan soňra ýokary derejedäki gysgaldylan formatda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow mongol kärdeşine Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde taryhy waka boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mongoliýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynasnperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi, iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýakyndan özara hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlary babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine çemeleşmelerimiziň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi munuň möhüm şerti bolup durýar.
Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny Mongoliýanyň köp ýyllaryň dowamynda berk goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirildi. Türkmenistan öz gezeginde Mongoliýanyň dünýä syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär.
Uhnaagiýn Hurelsuh hem şu gezekki ýokary derejedäki taryhy gepleşikleriň ähli ulgamlarda dostlukly döwletleriň ysnyşykly gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, özara hormat goýmak we netijelilik häsiýetine eýe bolan döwletara dialogyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Soňra gepleşikler giňeldilen düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Ynanyşmak ýagdaýyna geçen gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler türkmen-mogol gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň umumy bähbitlere, şeýle hem durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini bellediler.
Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gepleşikler tamamalnandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy, soňra bolsa iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
ORIENT news