Iň täze habarlar

Türkmen ussatlarynyň işleri Daşkentdäki Häzirkizaman sungatynyň X Halkara sergisinde görkezildi

17.10.2024 | 14:30 |
 Türkmen ussatlarynyň işleri Daşkentdäki Häzirkizaman sungatynyň X Halkara sergisinde görkezildi

Oktýabr aýynyň 14-18-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Sungat we dünýä” ady bilen Häzirkizaman sungatynyň X Halkara sergisi geçirilýär.

Bu sergä döwletimizden Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow gatnaşýar. Sergide dünýäniň dürli döwletleriniň suratkeşleriniň häzirkizaman çeperçilik akymlarynda döreden nakgaşlyk eserleri görkezilen.

1

Mälim bolşy ýaly, bu sergi Özbegistan Respublikasynda her iki ýyldan bir gezek geçirilip, onuň geçenki sanyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Azat Myradow öz eserleri bilen gatnaşdylar.

2

Bu gezekki sanynda Türkmenistan Watanymyzdan çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, nakgaş suratkeşler Gahryman Goçmyradowyň “Ne bag duýdy, ne bagban”, Baýram Bazarowyň “Penjiredäki ýagtylyk”, “Gapma-garşylyk”, Wepa Gurdowyň Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemine bagyşlanan eserleri mynasyp orun aldy.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi

Şeýle hem okaň: