Iň täze habarlar

Russiýada uçarlarda, otlularda we gämilerde Wi-Fi giriziler

11.10.2024 | 10:18 |
 Russiýada uçarlarda, otlularda we gämilerde Wi-Fi giriziler

Russiýada uçarlarda, otlularda we gämilerde simsiz Wi-Fi ulgamyny ulanmak üçin radio tizlikleri aýyryp berilmegi meýilleşdirilýär diýip, “Известия” gündelik gazeti habar berýär.

Bu baradaky meseläni şu ýylyň dördünji çärýeginde geçiriljek Döwlet komissiýasynyň mejlisinde ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Hususan-da, 12-den 18 GGz hem-de 26,5-den 40 GGz çenli tizlik çäklerini ulanýan Ku- we Ka- çäkli radio tizlikleri aýyryp berilmegi meýilleşdirilýär.

“Bu kararyň kabul edilmegi Russiýa Federasiýasynyň tutuş çägindäki hereketli desagalarda, şol sanda howa, deňiz we derýa gämilerinde we ýer ulaglarynda ýokary tizlikli Internet mümkinçiliklerini amala aşyrmaga şert döreder” – diýip, resminamada bellenilýär.

Bu maksatlara ýetmek üçin “Роскосмос”-yň işläp taýýarlaýan “Скиф” we “Экспресс-РВ” ileri tutulýan hemra ulgamlaryndan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, maglumatlaryň giň zolaklaýyn geçirilmeginiň pes orbitaly hemra toparyny döretmek boýunça taslamasyny ulanmak meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: m24.ru

Şeýle hem okaň: