Türkmenistanda görnükli arheolog Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň ýubileýi bellendi
17.10.2024 | 02:05 |16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli “Ak Bugdaý” muzeýinde iki sany meşhur arheologyň – Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen we rus alymlary, hem-de olaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan gurnaldy. Bu iki esasy görnükli alym Merkezi Aziýanyň gadymy döwürlerini öwrenemek üçin köp ýyllap ýakyndan işleşipdi.
Wadim Mihaýlowiç Masson Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi, Taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi. Türkmenistanyň çäginde täsin arheologiki açyşlaryň tutuş bir döwri onuň ady, şeýle hem Gadymy Gündogarda ýüze çykan dünýädäki ilkinji siwilizasiýalaryň durmuş-ykdysady guramasyny öwrenmek ugrundaky çuňňur teoretiki ylmy-gözlegler bilen baglanyşykly. Ol Merkezi Aziýanyň arheologiýa mekdebini esaslandyryjy Mihail Ýewgeniýewiç Massonyň maşgalasynda dünýä indi, soň bolsa Türkmen Ylymlar akademiýasynyň akademigi boldy. Wadim Masson Daşkentdäki Merkezi Aziýa Döwlet uniwersitetinde (häzirki Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistanyň Milli uniwersiteti) talyp wagty, kakasy tarapyndan döredilen Günorta Türkmenistana toplumlaýyn arheologiki ekspedisiýasynda (ÝUTAKE) professional tejribesine başlady.
1951-nji ýylda ýokary okuw mekdebini gutarandan soň, W.M. Masson ýarym asyr töweregi dowam eden Türkmenistanyň çäginde özbaşdak meýdan ylmy-gözleglere başlady. Gadymy Dehistandan Margiana çenli onlarça arheologiki ýadygärlikleri öwrendi. Bu iş göwrümi we dowamlylygy boýunça örän uly, irki ekerançylyk medeniýetleriniň gelip çykyşynyň taryhy barada häzirki zaman pikirleri döretmäge mümkinçilik berdi we döwletden öňki döwürde adamzadyň medeni ewolýusiýasynyň umumy keşbini döretmäge möhüm goşant goşdy. Onuň esasy “Margiananyň gadymy ekerançylyk medeniýeti”, “Merkezi Aziýa we Gadymy Gündogar”, “Jeýtunyň şäherçesi”, “Altyn-Depe”, “Ilkinji siwilizasiýalar” atky işleri daşary ýurt dillerine terjime edildi köpden bäri ylym klassikasyna öwrüldi we “Gadymy Merkezi Aziýanyň gadymy medeniýetiniň gelip çykyşy” atly iň soňky monografiýasynda alym paleolit döwründen ösen orta asyrlara çenli jemgyýetiň ösüşi baradaky pikirlerini jemleýär.
Wadim Masson 600-den gowrak ylmy işleriň şol sanda 30 sany monografiýa we birnäçe meşhur ylmy kitaplarynyň awtory. Ol has köp sanly ylmy ýygyndylaryň neşir edilmegi barada başlangyjy öňe sürdi we ol neşirleriň redaktory boldy. Olaryň arasynda 8 tomdan ybarat bolan “Garagumyň gadymyýetleri” şeýle hem häzirki günde-de neşir edilýän “Miras” žurnaly bar. Onýyllyklaryň dowamynda özlerini onuň okuwçysy hasaplaýan türkmen alymlarynyň tutuş bir böleginiň ylmy ýobaşçysy boldy. Mundan başga-da, ol uly mugallymçylyk işini hem alyp bardy we dünýäniň köp ýurtlarynyň uniwersitetleriniň taryh, arheologiýa hem-de gündogary öwrüniş boýunça ynsanperwer fakultetlerinde yzygiderli leksiýalar berýärdi.
1982-nji ýyldan başlap, SSSR Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň Leningrad bölüminiň müdiri bolup işledi we 1991-nji ýylda zähmet rugsadyna çykýança özbaşdak gurluşa öwrülmegini gazanan – Russiýa Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryhy taryhy institutyna. ýolbaşçylyk etdi. Wadim Masson öz ugry boýunça tanymal alym bolansoň, köp atlara we baýraklara eýe boldy: Daniýa döwletiniň Korollygynyň Ylymlar we edabiýat akademiýasynyň habarçy-agzalygyna saýlandy, Beýik Britaniýanyň Korollygynyň gadymyýet jemgyýetiniň hormatly agzasy, gelip çykyşy boýunça ata-babalaryny, German arheologiýa institutynyň, Italiýanyň Ýakyn we Uzak Gündogaryň institutynyň hormatly agzasydy.
Alymyň bitiren işleri üçin Russiýada, Täjigistanda we Gyrgyzystanda sylaglar bilen sylaglandy. Wadim Masson bütin ömrüni Türkmenistana bagyş etdi, şeýle hem ol hormatly raýaty boldy, giň şöhrat gazandy we goşan goşandyna iň ýokary baha berildi. Aşgabat alymyň guramaçylyk işiniň ýerine öwrüldi: 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy we medeni meseleler boýunça geňeşçisi bolmak bilen, Türkmenistanyň sebitiň ykrar edilen ylmy merkezine we halkara ylmy maslahatlarynyň geçiriljek ýerine öwrülmegi üçin köp iş etdi. Sankt-Peterburgyň Türkmenistan bilen medeni gatnaşyklar jemgyýetine ýolbaşçylyk eden W. Masson, GDA-nyň çäginde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin jemgyýetçilik diplomatiýasynyň nähili täsirli bolup biljekdigini görkezdi.
Massonyň deň-duşy, uniwersitetdäki topardaşy, soňra iki kitabyň awtordaşy Wiktor Iwanowiç Sarianidi, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldy. Taryh ylymlarynyň doktory, Afiny uniwersitetiniň professory, Gresiýanyň Antropologiýa jemgyýetiniň agzasy, ullakan ylmy miras galdyrdy. Onlarça monografiýa we meşhur ylmy kitaplary, dürli dillerdäki ýüzlerçe makalalary we hasabatlary Merkezi Aziýanyň taryhyny we arheologiýasyny öwrenýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, Mihail Ýewgeniýewiç Massonyň ýolbaşçylygynda ÝUTAKE-de talyplyk ýyllarynda ylym ýoluna başlady we köp ýyllap SSSR Ylymlar akademiýasynyň Moskwanyň Arheologiýa institutynda işledi we her ýylda Türkmenistana meýdan ekspedisiýalaryna gatnaşdy.
W. I Sarianidi 1969-njy ýyldan 1979-njy ýyla çenli Sowet-owgan arheologiki ekspedisiýasyna taryh ylymlarynyň doktory I.T. Kruglikowa bilen bileleikde ýolbaşçylyk edip, Owganystanyň demirgazygynda bürünç asyrynyň ýadygärliklerinde gözleg we gazuw-agtaryş işleri geçirildi. 1978-nji ýylda ol ýerde garaşylmadyk açyş etdi we ony geçmişiň dünýä belli arheologlary - Troýada şa Priamyň hazynalaryny tapan Genrih Şliman we Müsürde faraon Tutanhamonyň hazynalaryny açan Goward Karter bilen bir hatara çykardy. Wiktor Sarianidi, I asyryň ýedi korol mazaryndan, Kuşan şalygynyň döwrüniň nekropolunda (gadymy şäherlerdäki uly gonomçylyk) ýerleşýän Tillýa-depe ýerinde Baktriýanyň altyn diýilýän ýerini gazmagy başarypdyr.
Şol bir wagtyň özünde, 1972-nji ýyldan başlap, Murgap derýasynyň köne hanasynda gadymy Margianany öwrenmek üçin döredilen ýörite ylmy-barlag toparyna ýolbaşçylyk etdi. Soňky kyrk ýylyň dowamynda Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky Margiana arheologiki ekspedisiýasy Mary welaýatyň çäginde ýerleşýän Togolokdepe we Goňurdepe ýadygärlik toplumlarynda öndürijilikli gazuw-agtaryş işlerini geçirdi we 60 inedördül kilometrden gowrak meýdanda 150-den gowrak gadymy ekerançylyk ýerleri tapyldy.
Sarianidi tarapyndan tapylan altyn, kümüş, bürünç we palçykdan tapylan arheologiki tapyndylar Türkmenistandaky muzeýlere sowgat edildi. Arheologiki gözlegler bilen bir hatarda Goňurdepede antropologiki gözlegler geçirdi we dünýä ylmy jemgyýetçiligine Goňurdepe gadymy ýaşaýjylarynyň daşky görnüşiniň häzirki zaman türkmenleriniň daş keşbine doly laýyk gelýändigini, şeýle hem adamzat siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi hasaplanýan Marguş ýurdunyň bolandygyny subut etdi.
...Änew şäherinde geçirilen duşuşyga rus we türkmen arheologlary – şägirtler we W.M. Massonyň we W.I. Sarianidiniň işlerini mynasyp dowam etdirijiler, şeýle hem Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, garamagyndaky taryhy we medeni goraghanalar, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, muzeýiň wekilleri we žurnalistler gatnaşdy.
Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň başlygy, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa (Russiaýanyň Ylymlar akedemiýasynyň N.N. Mikluho-Maklaýa adyndaky Antropologiýa we etnologiýa instituty, Moskwa) ýygnananlara Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň Goňurdepe şäherindäki ylmy açyşlarynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Ýylgynlydepe işlän türkmen-rus arheologiki ekspedisiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýegor Blohin (Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryh instituty, Sankt-Peterburg) Wadim Mihaýlowiç Massonyň Türkmenistanyň günortasyndaky Köpetdagyň etegindäki ýadygärlikleri öwrenmäge goşan goşandy barada çykyş etdi. Taryh ylymlarynyň doktory Ejegül Myradowa (Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty) W.M. Masson we W.I Sarianidiniň ekspedisiýalarynda işlän döwründäki ýatlamalaryny paýlaşdy.
Moskwadaky A.S. Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň müdiriniň orunbasary sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ilýa Doronçenkow tematiki muzeý sergileri arkaly Gadymy Margianadan arheologiki artefaktlary görkezmegiň ähmiýeti barada aýtdy. “Gadymy Merw” Döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň müdiri Rejepmyrat Jepbarow öz çykyşynda Merw oazisiniň gadymy palçykdan ýasalan desgalaryny gorap saklamak meselesini gozgady. Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Restawratsiýa boýunça ylmy-barlag institutynyň iň ýokary derejeli restawratory Galina Weresotskaýa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan Goňurdepäniň diwarlaryndaky şekilleriň özboluşly bölegini öwrenmäge we dikeltmäge ünsi jemledi.
Özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda Türkmenistanyň günortasyndaky gadymy ekerançylyk medeniýeti daş asyryndan bürünç asyryna ýol geçdi. Bu uzak döwürde diňe bir ekerançylygy däl-de, eýsem alymlar hem ähli zady açyp görkezdiler: maldarçyly we metallurgiýany, keramiki önümçiligi we dokamany. Emma geljekde bize az bolmadyk açyşlar garaşýar diýip, Änew şäherinde geçirilen duşuşykda çykyş edenler bellediler. Gözlegler dowam edýär we ýakyn ýyllarda alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň gadymy ekerançylygy baradaky düşünjämizi ep-esli giňeldjekdigine doly ynam bilen aýdyp bileris. Olar Siwilizasiýanyň ösüşiniň başlangyç döwürlerine düýpgöter başgaça garamaga täsir ederler.
Ruslan MYRADOW