Iň täze habarlar

“Adygeý” ansambly Aşgabatda Russsiýanyň Medeniýet günleriniň açylyşynda çykyş etdi

16.10.2024 | 23:35 |
 “Adygeý” ansambly Aşgabatda Russsiýanyň Medeniýet günleriniň açylyşynda çykyş etdi

16-njy oktýabr, çarşenbe güni Aşgabadyň esasy konsert meýdançalaryň biri bolan Mukamlar köşgünde Russiýanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky Ilçisi Iwan Wolynkin çykyş etdi.

TASS-yň habar berşi ýaly Ilçi “edil mundan sanlyja gün ozal – 11-nji oktýabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç Putin “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumda eden çykyşynda <..> ähliumumy parahatçylygyň we hemmetaraplaýyn ösüşiň diňe bir halkyň pikirini hasaba almak esasynda üpjün edilip bilinjekdigini, şol bir wagtyň özünde her bir döwletiň özygtyýarly ugruna, öz dünýägaraýşyna, öz däp-dessurlaryna, dini pikirlerine we hukuklaryna hormat goýmak bilen üpjün edilip bilinjekdigini belledi”.

16102024-adygejskij-ansambl-na-otkrytii-dnej-rossijskoj-kultury-v-ashhabade (1).jpg

Wolinkin 2024-nji ýylyň bilelikdäki ynsanperwer taslamalar üçin netijeli ýyl bolandygyny ýatlady. Türkmenistanda Russiýanyň kino we animasiýa günleri, “Mosfilm” konserniniň 100 ýyllygy mynasybetli çeper filmleriň görkezilişi, rus aşhanasy festiwaly, “Türk hory” we “Soprano” döredijilik toparlarynyň çykyşlary we beýleki birnäçe çykyşlar geçirildi.

Ilçi şeýle hem rus tarapynyň Aşgabatdaky we Arkadag şäherindäki medeni edaralara we kitaphanalara rus dilindäki 750-den gowrak çeper we ýöriteleşdirilen edebiýaty sowgat berjekdigini aýtdy.

16102024-adygejskij-ansambl-na-otkrytii-dnej-rossijskoj-kultury-v-ashhabade (4).jpg

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri, W.D. Polenowa Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýünde “Russiýanyň gurama mozaikasy” sergisi we Adygeýiň “Nalmes” döwlet akademiki halk tans ansamblynyň çykyşy bilen açyldy.

17-nji oktýabrda, çäreler tapgyry “Nalmes” ansamblynyň solistleri taparyndan geçiriljek ussatlyk sapagy bilen dowam etdiriler. Şeýle hem “Çaýkowskiý planetasy” atly sergisi we halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi Dmitriý Masleýewiň ussatlyk sapagyny berjek meşhur pianinoçynyň çykyşy bolar.

16102024-adygejskij-ansambl-na-otkrytii-dnej-rossijskoj-kultury-v-ashhabade (2).jpg

“Çäräniň maksatnamasy iki döwletiň arasyndaky medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna we tomaşaçylara şatlyk we ýatdan çykmajak täsirleri sowgat etjekdigine ynanýaryn”. – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri Olga lýubimowa özüniň hatynda belleýär. Onuň hatynyna salgylanyp Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT news

Foto: Ilaman Çüriýew

Şeýle hem okaň: