Iň täze habarlar

Aşgabatda türkmen-hytaý iş topary maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

15.10.2024 | 04:56 |
 Aşgabatda türkmen-hytaý iş topary maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

14-nji oktýabr, duşenbe güni Aşgabatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerindäki öňegidişlikler seljerildi we mundan beýläkki özara hyzmatdaşlyklar üçin möhüm ugurlar kesgitlenildi.

Taraplar iş toparynyň ikinji mejlisinden soň bilelikdäki ýerine ýetirilen işiň netijelerini jemlediler we 2024-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli Türkmenistanda amala aşyrylan taslamalara 4,18 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýan hytaý kärhanalarynyň ornyny bellediler.

15102024-turkmeno-kitajskaya-rabochaya-gruppa-v-ashhabade (2).JPG

Özara maýa goýumlarynyň giňelmegini işjeň öwrenmek we höweslendirmek, iş toparynyň we esasy ugurlardaky özara hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ornuny güýçlendirmek çözgüdine gelindi.

Türkmen tarapy, mejlise gatnaşýan hytaýyň wekillerine ýurtdaky maýa goýum ýagdaýy we iş şertlerini gowulandyrmak üçin görülýän anyk çäreler, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatyndaky öňegidişlikler we “Fitch ratings” halkara reýting agentliginiň soňky beren bahalary barada habar berdi.

15102024-turkmeno-kitajskaya-rabochaya-gruppa-v-ashhabade (7).JPG

Hytaýyň wekiliýeti nebit-gaz pudagy, ulag, himiýa senagaty we beýleki ugurlardaky möhüm taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda, energiýa çeşmeleri we infrastruktura şeýle hem täze energiýa, ýaşyl gazylyp alynýan baýlyklar pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek we täze ösüş nokatlaryny döretmek ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin özara taýýarlyk tassyklandy.

Iki tarapyň işewür toparlarynyň wekilleri - kärhanalar, pudaklaýyn edaralar, maliýe institutlary senagat pudagynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek barada çuňňur pikir alyşdylar we özara täsir mehanizmlerini kämilleşdirmek üçin işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

15102024-turkmeno-kitajskaya-rabochaya-gruppa-v-ashhabade (8).JPG

Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistandan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty, Energetika, Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Ulag we aragatnaşyk agentliginiň bölümleriniň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, azyk senagatynyň, galla önümleriniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

15102024-turkmeno-kitajskaya-rabochaya-gruppa-v-ashhabade (5).JPG

Hytaý tarapyna Söwda we sebitleýin edaralary ministrliginiň maýa goýumlary dolandyrmak we daşary söwda boýunça müdirliginiň, Hytaýyň Eksport-import bankynyň, Hytaýyň söwda edarasynyň maşyngurluşyk we elektron önümler boýunça wekilleri, senagat inženerçiligi, kompýuter tehnologiýalary, nebit we himiýa enjamlary ulgamlarynda ýöriteleşýän birnäçe kompaniýalaryň, CNPC we Huawei Technologies korporasiýalarynyň Türkmenistandaky şahamçalarynyň dolandyryjylary we beýlekiler wekilçilik etdiler.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gepleşikleri dowam etdirmek, maýa goýum gatnaşyklarynyň güýçlenmegini we täze ösüş nokatlarynyň ýokary galjakdygyny wada berýär.

15102024-turkmeno-kitajskaya-rabochaya-gruppa-v-ashhabade (6).JPG

ORIENT news

Foto: guramaçylary tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: