Iň täze habarlar

Putin 11-nji oktýabrda iş sapary bilen Aşgabada geler

07.10.2024 | 00:40 |
 Putin 11-nji oktýabrda iş sapary bilen Aşgabada geler

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 11-nji oktýabrda Türkmenistana iş sapary bilen geler. Döwlet Baştutanynyň sapary kömekçisi Ýuriý Uşakow tarapyndan geçirilen brifingde yglan edildi.

“Prezident 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Aşgabada iş saparyny amala aşyrar” – rus lideriniň kömekçisi aýtdy diýip TASS habar berýär.

“Wladimir Wladimirowiç Putin “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşar. Bu forum beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar” diýip, Uşakow sözüniň üstini ýetirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisiniň belleýşi ýaly, çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy. Forumda myhmanlaryň çykyş etmegine garaşylýar.

“Türkmen kärdeşleri bu çäräniň giň we hormat goýýan halkara dialogy gurmak üçin syýasy, ideologiki we ahlak platformasyna, konstruktiw garaýyşlary, dünýäniň ykbaly, häzirki ähumumy, syýasy, medeni, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly geljekdäki ugurlarynyň ýagdaýy barada pikirleri hödürlemek üçin meýdança öwrülip biler diýip hasaplaýarlar” diýip Uşakow aýtdy.

Putiniň Türkmenistana sapary wagtynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşar. Uşakow bu duşuşyk barada Moskwanyň “eýýäm ylalaşandygyny” aýtdy. Onuň sözlerine görä, beýleki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň bolmagyna hem garaşylýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: