Iň täze habarlar

Türkmenistan Gazagystanda geçirilen “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahata gatnaşdy

08.10.2024 | 11:42 |
 Türkmenistan Gazagystanda geçirilen “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahata gatnaşdy

Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahat geçirildi.

Çäre inžener we tehnologiýa hünärleri boýunça okatmagyň we okamagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen ylym we bilim wekillerini ýygnady. Okuw maksatnamalarynda CDIO standartlarynyň ulanylmagyna, şeýle-de emeli aň we durnukly ösüş meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň adyndan Ohuz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Mukam Ekäýew çykyş etdi. Maslahatyň çäginde strategiýa toparlamasy, taslama menejmenti, inžener dizaýni we durnukly bilim tehnologiýalary hem-de inžener biliminiň usulyýeti we CDIO standartlarynyň tejribede ulanylmagy boýunça ussat sapaklar geçirildi. Wekiller senagat ösüşi üçin inžener biliminiň üýtgemegi, inžener-tehniki işgärleriniň taýýarlanylyşy, inžener biliminde halkara başlangyçlar, inžener işgärleriniň şahadatlandyrma mümkinçiligi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Umumy mejlislerde dürli ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Singapuryň, Russiýanyň, Günorta Koreýanyň, ABŞ-niň, Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň rektorlary we professorlary çykyş etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Uniwersitetiň merkezlerine we barlaghanalaryna baryp gördüler.

CDIO (Conceive – Design – Implement - Operate) innowasion inžener bilimi boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ulgamy bolup, ol 35 ýurduň 200-den gowrak ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýär. Bu başlangyç talyplaryň halkara bazar üçin hakyky ulgamlary we önümleri döredip, “Meýilleşdirmek-Taslamak-Öndürmek-Ulanmak” modeli boýunça inžener hünärlerini öwredýän bilim maksatnamasyna esaslanýar.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti 2023-nji ýylyň mart aýynda CDIO guramasynyň dolyhukukly agzasy hökmünde kabul edilen Merkezi Aziýanyň ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Bu Uniwersitet ýurtda we ýurt daşynda geçirilýän ylmy-amaly we okuw çärelerine gatnaşyp, akademiki we ylym ugurlarynda kämilleşmäge bolan höwesini aýdyň görkezýär.

ORIENT news

Foto: edcuation.gov.tm

Şeýle hem okaň: