Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti 9 aýyň dowamynda ykdysadyýetiň ösüşine oňyn baha berdi

05.10.2024 | 05:45 |
 Türkmenistanyň Prezidenti 9 aýyň dowamynda ykdysadyýetiň ösüşine oňyn baha berdi

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda geçirilen işleriň netijelerine oňyn baha berdi.

Ýurdyň Prezidenti dokuz aýyň içinde jemi içerki önümiň (JIÖ) 6,3% ösüşini, şeýle hem birnäçe iri senagat we jemgyýetçilik desgalarynyň işe girizilendigini belläp geçdi.

Jemi içerki önüm ykdysady ösüşiň esasy görkezijisidir we jemi içerki önümiň ösüşi Türkmenistanyň has köp haryt öndürip we has köp hyzmat edip başlandygyny görkezýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: