Iň täze habarlar

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar

06.10.2024 | 15:20 |
 Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar

9-12-nji oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli täze binalaryň açylyş dabaralary bolar. Şeýlelik bilen, şol günler Aşagabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Türkmenabatda – glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasynyň we Mary welaýatynda – welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň açylyş dabaralary bolar.

Açylyşlar, 10-njy oktýabrda ýurtda bellenen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabat gelýär.

Ýakyn günlerde saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyndaky ýetilen sepgitlere bagyşlanan halkara sergi we maslahaty geçiler hem-de tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolar. Bu barada anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti möhüm maksatnamalary tassyklaýan we lukmançylyk ulgamyna degişli täze binalary gurmak boýunça birnäçe resminama gol çekdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: