Iň täze habarlar

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi

04.10.2024 | 21:45 |
 ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala Aşgabatda birnäçe duşuşyklary geçirdi

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala 3-4-nji oktýabrda Türkmenistana resmi sapary wagtynda Hazarüsti ulag geçelgesini utgaşdyryjy ulgamyny işe girizmek bilen baglanyşykly ýokary derejeli çärä gatnaşdy.

ÝB-niň ýörite wekili Teri Hakalanyň bu çärä gatnaşmagy Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde sebit integrasiýasyny we gülläp ösmegi berkidmek baradaky uzak möhletleýin ygrarlydygyny görkezdi.

Şeýle hem ýokary derejeli çäreleriň çäginde ÝB-niň ýörite wekili Teri Hakala Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýramgul Orazdurdyýewa ýaly ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we adamlar bilen aragatnaşyk, adam hukuklary we durnukly suw çeşmeleriniň dolandyryşy ýaly sebitleýin ileri tutulýan ugurlary öňe sürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝB-niň ýörite wekiliniň sapary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüş, sebit durnuklylygy we ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy arkaly Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn hyzmatdaşlygy ugrundaky tagallalaryna goldaw berýändigini tassyklamaga mümkinçilik berdi diýip, ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT news

Foto: eeas.europa.eu

Şeýle hem okaň: