Iň täze habarlar

Türkmenistanda Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni duşenbe gününe geçirildi

05.10.2024 | 04:05 |
 Türkmenistanda Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni duşenbe gününe geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ýekşenbe gününe gabat düşýändigi sebäpli Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi.

“Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda 6-njy oktýabrdan dynç güni 7-nji oktýabra – duşenbe gününe geçirildi. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar bu kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli” diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen resminamada aýdylýar.

Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap 6-njy oktýabrda Hatyra güni bellenilýär. Ýurtda 6-njy oktýabr iş güni däl.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije bolup geçen Aşgabat ýer titremesi adamzat taryhynda iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Aşgabatdyň ýaşaýjylarynyň her bir maşgalasynda diýen ýaly şol betbagtçylyk gijesinde garyndaşlaryndan pida bolan ýa-da ýaralananlar bar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: