Iň täze habarlar

Türkmenistanyň üç welaýatynda onkologiýa hassahanalary gurlar

05.10.2024 | 05:05 |
 Türkmenistanyň üç welaýatynda onkologiýa hassahanalary gurlar

Türkmenistanda üç sany onkologiýa hassahanasy gurlar: Balkan we Lebap welaýatynda hersi 150 orunlyk we Mary welaýtynda 200 orunlyk.

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynda onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga, Mary welaýatynda onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Şeýle hem resminamada bu ylalaşygynyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrylmagy bellenilen.

ORIENT news

Foto: bookinghealth.com

Şeýle hem okaň: