Iň täze habarlar

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “B” kysymly karbamid satyldy

14.09.2024 | 09:13 |
 TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “B” kysymly karbamid satyldy

Anna güni, 13-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “B” kysymly karbamid satyldy.

Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden “B” kysymly karbamidy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 1 401 000 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: