Iň täze habarlar

Kristiano Ronaldo dünýäde sosial ulgamlarda 1 milliard yzarlaýjysyna ýeten ilkinji adamdyr

16.09.2024 | 15:08 |
 Kristiano Ronaldo dünýäde sosial ulgamlarda 1 milliard yzarlaýjysyna ýeten ilkinji adamdyr

Portugaliýaly futbolçy, Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” futbol toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi we kapitany Kristiano Ronaldo sosial ulgamlarynda 1 milliard yzarlaýjysyna ýeten dünýäde ilkinji adam boldy.

Bu oýunçynyň Instagram, Facebook, Twitter, YouTube we Hytaý Weibo we Kuaishou ýaly sahypalarynyň işjeň bolan ähli esasy ulgamlardaky yzarlaýanlaryň umumy sanydyr.

Sportçy beýleki meşhurlardan bir baş ýokary. Mysal üçin, Selena Gomez 690 million yzarlaýjysy bilen ikinji ýerde, futbolçylaryň dürli reýtingindäki Ronaldonyň bäsdeşi Lionel Messiniň 623 million yzarlaýjysy bar.

Bu üstünlik futbolçynyň “YouTube”-da kanalyny açmak kararynyň netijesinde mümkin boldy. Diňe bir hepdäniň içinde 50 million yzarlaýjysy gazandy.

ORIENT news

Foto: esp.md

Şeýle hem okaň: