TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümleri satyldy
17.09.2024 | 10:11 |Duşenbe güni, 16-njy sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümleri satyldy.
Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 234 250 ABŞ dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda salgyda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news