Iň täze habarlar

Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

18.09.2024 | 15:15 |
 Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

18-nji sentýabrda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen döwrebap binalaryň gurluşyk işleri halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylyp, iş otaglarynyň giňligi we ýagtylygy iň amatly şertlere kybap gelýär we häzirkizaman enjamlary bilen doly üpjün edildi.

Bu bolsa zähmetsöýer türkmen halkynyň netijeli zähmet çekmegi üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň buýsandyryjy subutnamasydyr.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şu günki dabara parahatçylyk, döredijilik we innowosion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň ýene bir şanly wakasyna öwrüldi.

ORIENT news

Foto: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: