Iň täze habarlar

Belarus Respublikasy multimedia portalyny işe girizdi

16.09.2024 | 17:16 |
 Belarus Respublikasy multimedia portalyny işe girizdi

Belarus Respublikasynda “VIDEOBEL.BY” multimedia portaly işe girizildidiýip, “BELTA” habar berýär.

Bu Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilelikdäki taslamasydyr. Belarus telegraf agentliginiň baş direktory Irina Akulowiçiň aýdyşy ýaly, portalda Respublikanyň merkezi KHBS-den möhüm jemgyýetçilik-syýasy mazmun ýerleşdirilen.

Amatlylyk üçin wideomateriallary wagt kodlary bilen bilelikde bolýar, göwrümli programmalar tematiki böleklere bölünýär. Bu ulanyjylara gyzyklanýan wideo gepleşiklerini tapmaga we diňe bir gezek basmak bilen oňa geçmäge mümkinçilik berýär.

“Belarus Respublikasynyň bu media portaly, biziň ýurdumyzda bolup geçýän ähli zatlar bilen gyzyklanýan adamlar üçin niýetlenen” – diýip, ol belledi we bu taslamanyň sebitleýin KHBS-ni öz içine almak bilen bir hatarda öser diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: