Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary C kategoriýasynda öňde barýar
17.09.2024 | 23:10 |Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda düýn 6-njy tapgyr tamamlanyp, Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary 12 mümkin bolan utukdan 8 topar utugy bilen öz kategoriýasynda birinji ýerde barýar.
Esasy umumy hasaplamalardan soňra 183 milli aýal-gyzlaryň toparlary topar agzalarynyň ortaça reýtingine laýyklykda bäş kategoriýa bölünen. Umumy hasaplamada 73 belgili çykyş edýän Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary C kategoriýasyna düşdi. 6-njy tapgyrdan soň umumy ýaryş hasaplamalarynda 36-njy ýeri eýeläp, biziň küştçi aýal-gyzlarymyz öz kategoriýasynyň ähli toparlarynyň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmäge başarýarlar. Bu ýaryşda olaryň yz ýanyndan Malaýziýanyň ýygyndy topary gelip, 12 mümkin bolan utukdan 8 utugy gazanyp 45-nji ýeri eýeleýär.
Soňky 6-njy tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary ortaça reýtingi 1956 bolup, 3:1 hasap bilen Braziliýanyň toparyny (ortaça reýtingi - 2132) ýeňmegi başardy. Leýla Şohradowa (3-nji tagta) we 4-nji tagtada oýnan Eneş Arazmedowa tapawutlanyp bildiler. 1-nji we 2-nji tagtada oýnan ýurduň wise-çempiony we çempiony Lala Şohradowa we Merýem Agajanowa deň hasapda oýun geçirdiler. Adaty boýunça 4-nji tagtada çykyş edýän Jahan Rejepowa 6-njy tapgyrda dynç aldy.
Şu ýylyň ýurduň çempionatynda 5-nji orny eýeleýän 17 ýaşly Eneş Arazmedowa ähli 4 partiýasyny ýeňip, iň gowy ýokary derejeli netijeleri görkezýär.
Umuman, ýaryşda aýal-gyzlaryň arasynda Hindistanyň ýygyndy topary (ortaça reýtingi - 2467) ähli 4 oýuny ýeňip, liderligi saklaýar. Ikinji ýere – küştde güýçli bolan Gruziýa, üçünji ýere bolsa Polşa mynasyp boldular.
7-nji tapgyrda biziň aýal-gyzlarymyzyň ýygyndy topary 39-njy orunda barýan ortaça reýtingi 2215 bolan Kubanyň ýygyndy toparyna garşy ýaryşmaly.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary (ortaça reýting - 2332) pesräk netijeleri görkezýär – 12 mümkin bolan utukdan 6 topar utugy bar. 73 belgili çykyş edýän, emma entek has güýçli B kategoriýasyna saýlanan erkek-oglanlarymyza ýa-da has gowşak garşydaşlar (Bagamalar – 4:0, Bruneý – 4:0, Kipr – 3:1) duşup, olary kän güýç sarp etmeden ýeňmegi başarýarlar. Ýa-da has güýçli garşydaşlar (Litwa – 0:5, Awstriýa – 1:3, Şweýsariýa – 0,5:3,5) duşup, olary entek ýeňmek başardanok.
Halkara ussat türgeni Saparmyrat Atabaýew (1-nji tagta), grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (2-nji tagta), 18 ýaşly Amanmuhammet Hommadow (3-nji tagta), ýurduň häzirki çempiony Allaýar Şirliýew (4-nji tagta) hem-de ätiýaç oýunçysy Wepaly Halyniýazow biziň ýurdumyza wekilçilik edýärler.
Erkek-oglanlaryň arasynda hem entek utuklaryny ýitirmeýän Hindistanyň ýygyndy topary birinji ýerde barýar. Bir utuk yzda Wýetnamyň, Hytaýyň, Eýranyň ýygyndy toparlary gelip, olaryň herisiniň hasabynda 11 utukdan bar.
Küşt olimpiadasy 22-nji sentýabra çenli dowam eder. Şu ýyl Türkmenistanyň ýygyndy topary 6 ýyl dowam eden arakesmeden soň dünýäniň esasy küşt ýaryşlaryna gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň küşt federasiýasynda bellenilýär. Olimpiada gatnaşmak üçin jemi 197 erker-oglanlaryň toparlary we 183 aýal-gyzlaryň toparlary bellige alyndy.
Netijeleri bilen şu ýerde tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news