Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy: Germaniýa we Merkezi Aziýa sebit howpsuzlygyny ösdürip bilerler
17.09.2024 | 20:15 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynda ýokary derejedäki ikinji sammitinde esasy meseleler barada aýdyp geçmek bilen, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada belläp geçdi.
“TDH” habarlar agentliginiň neşir eden maglumatlarynyň esasynda Prezidentiň çykyşynyň esasy tezislerini getirýäris.
Sebit howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlyk. Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-dioplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biljekdigi barada belledi. Ol sebite parahatçylyk we durnuklylyk meselelerinde halkara bileleşikleriniň, esasan hem Birleşen milletler guramasynyň, işjeň gatnaşmagynyň zerurdygy barada aýratyn nygtap geçdi.
Täze wehimlere garşy durmak. Türkmenistanyň Baştutany halkara terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin diplomatik gatnaşyklarynyň we bilelikldäki tagallalaryň berkidilmegine çagyrdy. Ol kiber jenaýatlar we biologiýa howplary ýaly täze howplara aýratyn üns çekmek bilen, netijeli goraglylyk ulgamy üçin Germaniýanyň tehnologiýa işläp taýýarlamalaryndan peýdalanmagy teklip etdi.
Germaniýa bilen bilelikdäki iş. Prezident “Merkezi Aziýa - Germaniýa” formatynyň çäklerinde Türkmenistanyň hemmetarapalýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy. Ol howplara gözegçilik etmek we olaryň monitoringini geçirmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlarynyň kesgitlenilmegini, şeýle-de Germaniýanyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen we BMG ýaly halkara formatda işjeň hyzmatdaşlygy teklip etdi.
Owganystandaky ýagdaý. Serdar Berdimuhamedow Owganystany parahatçlykly we ösýän ýurda öwürmek üçin halkara bileleşiginiň ýardam etmegine çagyrdy. Ol owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmegiň zerurlygy barada aýratyn belläp geçdi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary. Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhümdigine aýratyn ähmiýet berdi. Ol ulag, logistika, energetika, senagat önümçiligi we beýleki esasy pudaklara ähmiýet bermek bilen hyzmatdaşlygyň itergi güýji hökmünde ykdysadyýetiň çykyş etmelidigi barada belledi.
Innowasiýalar we bilelikdäki önümçilik. Türkmenistanyň Baştutany sammitdaky çykyşynda işewürligi alyp barmagyň häzirki zaman usullaryna geçmegiň we bilelikdäki önümçiligiň, hyzmat ediş we okuw merkezleriniň döredilmeginiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. Prezident Merkezi Aziýanyň intellektual serişdeleriniň we ýaş, ýokary taýýarlykly ilatynyň sebitiň dünýä ykdysadyýetine üstünlikli ýagdaýda goşulyşmagyna mümkinçilik berýändigi barada belledi.
Ekologiýa başlangyçlary. Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ygrarlylygyna ýokary baha berdi. Ol ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde Germaniýanyň işjeň gatnaşýandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirip, 2020-nji ýylda Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” maslahatynyň ähmiýetini belläp, “ýaşyl” tematika boýunça dialogyň dowam etdirilmegini teklip etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzyň Germaniýa bilen mundan beýläk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga açyklygynda we sebitiň durnukly ösüşine we halkara gatnaşyklarynyň gowulandyrylmagyna mümkinçilik berjek bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemäge taýýardygynda ynandyrdy.
ORIENT news