CNPC we Türkmenistan: Hytaýyň nebit uniwersitetiniň hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze taslamasy
17.09.2024 | 21:40 |Ýakynda Pekin şäherindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Dabara täze okuw ýylynyň başlanmagy, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Dabaranyň alyp baryjysy hökmünde Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew çykyş etdi. Hytaýda iş saparynda bolýan “Türkmengaz” Döwlet konserniniň hem-de CNPC korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekillerine aýratyn ähmiýet berildi. Bu wekiller iki ýurduň arasyndaky energetika pudagy boýunça strategiki hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda esasy orun tutup, olaryň bu dabara gatnaşmaklary oňa aýratyn ähmiýet goşýar.
Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynda CNPC-niň orny
Ilçi Durdyýew Türkmenistanyň energetika pudagynda CNPC Hytaý kompaniýasynyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi. CNPC ýurtda iri energetika taslamalaryny işläp taýýarlamakda we dolandyrmakda esasy orun tutup, oalryň howpsuzlygyny we ekologiýa arassaçylygyny üpjün edýär. Döredilen guramaçylyk-hukuk meýdançasynyň kömegi bilen CNPC Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkidýär hem-de sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün edýär.
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça CNPC-iň täze taslamasy
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde CNPC 2024-2025-nji ýyllarda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze taslamany döretdi. Türkmen talyplarynyň topary nebit-gaz inženerçiligi, geologiýa, himiýa inženerçiligi we beýleki esasy hünärler boýunça bilim almak üçin Hytaýyň nebit uniwersitetine iberildi. Bilim hytaý dilini öwrenmegiň bir ýyl taýýarlyk kursyny öz içine alyp, talyplaryň okuw prosessine üstünlikli girişmegini üpjün edýär.
Hyzmatdaşlygyň we üstünlikleriň taryhy
2009-njy ýyldan başlap CNPCIT bölümçesi “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen önüm bölünişigi baradaky Ylalaşygy ýerine ýetirmegiň çäklerinde türkmen talyplaryny Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetine ugradýar. 15 ýyl iş tejribesiniň dowamynda bölümçe tarapyndan 500-den gowrak talyplar ugradylyp, olaryň köpüsi Türkmenistanyň nebit we gaz pudaklarynda zähmet çekýärler.
Uniwersitetiň uçurymlary halkara nusgadaky diplomlary alyp, olaryň käbirleri magistratura we doktorantura boýunça okuwlaryny dowam etdirýärler. CNPCIT Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary üçin Hytaýda tomusky okuw-tanyşdyryş tejribesini hem-de tebigy gazyň işlenilip taýýarlanylmagy we gazylyp alynmagy boýunça toplumlaýyn işleriniň geçirilýän ýerinde – Amyderýanyň sag kenarynda önümçilik tejribesini gurnady.
Türkmenistan we Hytaý tebigy gazyň söwdasy boýunça esasy hyzmatdaşlar bolmagynda galýarlar. Hünärmenleri taýýarlamak boýunça maskatnamalar nebit we gaz pudagynda zehinli ýaşlaryň ösdürilmegine mümkinçilik berip, energetika we ylmy bilim ugurlary boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
ORIENT news