Iň täze habarlar

Türkmenistanda durmuş inklýuziýasy boýunça täze kurs: deň mümkinçiliklere tarap

18.09.2024 | 02:00 |
 Türkmenistanda durmuş inklýuziýasy boýunça täze kurs: deň mümkinçiliklere tarap

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Zähmet we durmuş üpjünçilik ministrligi bilen bilelikde ÝUNISEF “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy” atly kurs üçin okuw materiallaryny hödürlediler. Bu kurs degişli ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna girizimek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen kurslaryň geçirilmegi üçin niýetlenen.

Kurs 15 moduldan ybarat bolup, durmuş inklýuziýasy düşünjesi, hünär goşulyşmaklygy we maýyplygy bolan adamlara goldaw bermekde häzirki zaman çemeleşmeleri ýaly möhüm mowzuklara bagyşlanan. Şeýle-de kursda goşmaça kömekçi tehnologiýalary ulanmak, kiçi ýaşly çagalaryň psihiki saglygyny üpjün etmek, kommunikatiw başarnyklary ösdürmek, dürli derejeli maýyplygy bolan adamlaryň fiziki we ergo bejergileri boýunça meselelere garalýar.

Okuw materiallar çärä gatnaşan bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi boýunça hünärmenler üçin, şol sanda mekep mugallymlar, çagalar baglarynyň terbiýeçileri, durmuş we lukmançylyk işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin niýetlenen. Gatnaşyjylar durmuş inklýuziýasy boýunça konsepsiýa hem-de bilim prosessine we durmuş ýaşaýyşynda çagalaryň doly gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin maýyplygy bolan çagalara we olaryň maşgalalaryna toplumlaýyn hyzmatlaryň hödürlenilmegi bilen tanyşdylar.

18092024-socialnoj-inklyuzii-v-turkmenistane (2).jpg

Maksatnamanyň esasy ugry maýyplygy bolan we ösüşde yza galýan çagalar üçin irki goşulmaklyk hyzmatlarynyň hödürlenilmegini öz içine alýar. Inklýuziw bilim durmuş inklýuziýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol kursyň üns merkezindedir. Mundan başga-da Maksatnama maýyplygyň öňüni almak we maýyplygy bolan adamlaryň kabul edilmeginde we olara goldaw berilmeginde ýardam etmek üçin ýerli bileleşikleriniň hyzmatdaşlygyny öz içine alýar. “Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş inklýuziýasy boýunça täze kursynyň işläp taýýarlanmasyny goldamaga biz örän şat.

ÝUNISEF-iň kömegi bilen Bilim ministrligi tarapyndan Aşgabadyň çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ikisinde inklýuziw bilimiň esasy ugurlarynyň girizilýän wagtynda ol hakykatdan hem uly ähmiýete eýedir. ÝUNISEF maýyplygy bolan çagalaryň ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny we bilime bolan mümkinçiliklerini alyp bilerler ýaly tutuş ýurt boýunça inklýuziw başlangyçlaryny ornaşydyrmak işini goldamagyny dowam eder” – diýip, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň başlygynyň orunbasary Aleksandru Nartea belläp geçdi.

ORIENT news

Foto: UNICEF in Turkmenistan

Şeýle hem okaň: