Iň täze habarlar

Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

17.09.2024 | 15:55 |
 Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

Şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy. Festiwalyň guramaçylarynyň we oňa gatnaşyjylarynyň adyna gutlaglar gelip gowuşýar. Meşhur gruzin we rus suratkeşi, heýkeltaraşy we pedagogy Zurab Seretelli hem öz ýakymly gutlag sözlerini ýollady. Aşakda onuň gutlagy dolulygyna getirilen.

imgonline-com-ua-border-primecolhOMjNJyftUzc.jpg

Mähriban dostlar!

Uly buýsanç bilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara sungat festiwalyny gutlaýaryn! Moskwanyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakalarynyň biri hasaplanylýan bu festiwal dünýäniň ähli künjeklerinden döredijilik taýdan zehinli ýaşlary we tanymal medeniýet işgärlerini birleşdirýär. Onuň işi medeni syýasatynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Festiwalyň guramaçylyk topary tarapyndan gurnalýan çäreler adamlaryň jebisleşmegine gönükdirilip, halk diplomatiýasynyň nusgasy hökmünde hyzmat etmek bilen, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine mümkinçilik berýär. Festiwalyň işiniň esasy ugurlarynyň biri Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň halk we etniki medeni däplerini gorap saklamak we olary wagyz etmek bolup durýar.

Di2yuTb9ecbfxde9LekbJGinUWV1NXRpysWAmxHFFri6u46TY5jPUTmnLE-rhLAne2Rn-pYf_edit_110587727237291.jpg

Şu ýyl festiwal Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan. 2024-nji ýylyň dowamynda Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi zalynda geçirilýän konsert maksatnamalary saz medeniýetine ähmiýetli goşant goşdy. Häzirki zaman suratkeşleriň däbe öwrülen tematiki sergileri aýratyn şatlykly duýgulary döredýär. Şu ýyl köpsanly döredijilik bäsleşikleriniň arasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Şöhlelendiriliş” atly Gündogar şygyryýetiniň illýustrasiýalar bäsleşigi geçirildi.

Adamzat üçin Magtymgulynyň keşbi suratkeşleriň ussat elleri bilen döredilendir. Yslam dünýäsinde adamyň ýüzüni şekillendirmek gadagan edilipdir, şonuň üçin hem biz beýik şahyra suratkeş Aýhan Hajyýewiň gözleri bilen garaýarys. Surikow institutynyň üçünji ýyl talyby bolan wagtlary, ol 1947-nji ýylda döredijilik bäsleşigine gatnaşdy. Bu bäsleşigiň esasy maksady beýik şahyryň portretini döretmekdi. A.Hajyýewiň işi birinji ýere mynasyp boldy. Şol döwürlerden bäri şu güne çenli suratkeşlere ylham berýän bu portret köpsanly ýadygärlikleriň we surat eserleriniň döredilmegine esas boldy.

imgonline-com-ua-border-primecolEwckeKECrUbe.jpg

Suratkeşligiň rus mekdebi halklaryň we medeniýetleriň arasynda özboluşly köpri gurup, onuň tagallasy bilen ähmiýetli gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň festiwalymyzyň mundan beýläk bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine biz berk ynanýarys. Sungat täsin güýje eýe bolup, durmuşymyzy baýlaşdyrýar, duýgular baýlygyny, garaýyşlaryň täzeçiligini peşgeş berip, täze dünýäleri açyp berýär.

DSC_6783.jpg

Mähriban dostlar! Size ýatdan çykmajak pursatlary, täze döredijilikli üstünlikleri hem-de biziň ýaşaýşymyza nur we many berýän sungata bolan egsilmez söýgini arzuw edýärin! Bu ajaýyp we täsin ýolda ylham Siziň hemişelik hemraňyz bolsun!

Zurab Seretelli,

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Prezidenti,

SSSR-iň we RF-iň halk suratkeşi,

ÝUNESKO-nyň Meýletin ilçisi.

Foto: “Dutaryň owazlary” festiwalynyň guramaçylyk topary tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: