Iň täze habarlar

Habarlar agentlikleriniň Hazar birleşiginiň döredilmeginiň maksadalaýyklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy

15.09.2024 | 23:10 |
 Habarlar agentlikleriniň Hazar birleşiginiň döredilmeginiň maksadalaýyklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Moskwada BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammitiniň çäklerinde Hazar sebit ýurtlarynyň habarlar agentlikleriniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi diýip, ýekşenbe güni “TASS” agentligi habar berýär.

Duşuşyga Azebaýjanyň AzerTAj, Eýranyň IRNA habarlar agentlikleriniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradio toplumynyň, Russiýanyň “TASS” habarlar agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň wekilleri gatnaşdy.

“Duşuşyga gatnaşyjylar Hazar sebitiniň belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda köptaraplaýyn maglumat hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine düşünip, Habarlar agentlikleriniň Hazar birleşiginiň döredilmeginiň maksadalaýykdygy diýen pikire geldiler” – diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Birleşigiň düzgünnamasyny işläp taýýarlamak, indiki duşuşygyň geçiriljek wagtyny we ýerini kesgitlemek, Birleşigiň çäklerinde maglumat hyzmatadşlygynyň formatyny işläp taýýarlamak boýunça iş tertipde ylalaşdylar.

BRIKS ýurtlarynyň Maglumat sammiti Moskwada 13-17-nji sentýabr aralygynda geçirilýär.

Moskwada geçirilýän 7-nji BRIKS Maglumat sammitiniň işine gatnaşmak üçin BRIKS ýurtlarynyň esasy habar beriş edarlarynyň ýolbaşçylary, birleşik bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge isleg bildiren ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri çagyryldy.

ORIENT news

Foto: Sergeý Bulkin TASS

Şeýle hem okaň: