Gazagystan we Türkmenistan gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ähtnama gol çekdiler
11.09.2024 | 20:40 |Türkmenistanyň döwlet ministri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministri Almasadam Satkaliýew bilen duşuşdy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini hem-de bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, bilelikdäki tagallalar bilen özarabahbitli gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykarmaga ynam bildirdiler.
Gepleşikleriň netijesinde TIF-2024 Maslahatynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrligi arasynda gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Ähtnama gol çekildi.
ORIENT news