Iň täze habarlar

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular

31.08.2024 | 04:40 |
 Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular. Bu taslama Türkiýeniň “Çalık Enerji Sanayı ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” Döwlet konsernine Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň taslama, gurluşyk we enjamlaşdyrma işlerini ýerine ýetirmek üçin bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.

Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda täze inžener ulgamlaryny, elektrik, gaz we suw üpjünçilik desgalarynyny, umumy tora birleşdirilen aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak we öňki bar bolanlary dikeltmek, desga boýunça bejerişleri ýerine ýetirmek işleri göz öňünde tutulan.

Gaz gysysjy desganyň gurluşygy indiki aýda başlap, taýyn desgany ulanmaklyga tabşyrylmagy iki ýyldan meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz ýatagy ýurdumyzda tebigy gazyň gazyp alynyşy boýunça möhüm desgalarynyň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde täze tehnologiýalaryň we döwrebap enjamlaryň ulanylmagy bilen önümçilik görkezijilerinde oňyn üýtgeşmeler bellige alyndy. Bu gaz ýatagy Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ykdysadyýetini ösdürmek bilen, gazyň eksportuna uly goşandyny goşýar.

“Şatlykda” gazyp alynyşy ýokarlandyrmakda we önümçiligiň durnukly derejesini saklamakda innowasion usullar ulanylýar. Bu bolsa hem içerki, hem daşarky bazary energiýa serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu sebitde we onuň daşynda türkmen gazyna bolan islegiň artdyrylmagynda we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp bolup durýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: