Iň täze habarlar

Özbegistanda täze milli syýahatçylyk brendi dörediler

26.07.2024 | 10:04 |
 Özbegistanda täze milli syýahatçylyk brendi dörediler

Özbegistanda täze milli syýahatçylyk brendi dörediler. “Syýahatçylyk infrastrukturasyny gowulandyrmak we Özbegistan Respublikasyna daşary ýurtly syýahatçylaryň akymyny has-da ýokarlandyrmak üçin goşmaça çäreler barada” Respublikanyň Prezidentiniň Karary bilen göz öňünde tutulandyr, bu barada Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berdi.

Bu täzelik Özbegistanyň syýahatçylyk önümlerini halkara we içerki syýahatçylyk bazarlarynda tanatmaga, syýahat we dynç alyş üçin howpsuz ýurt hökmünde abraýyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.

Şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça Döwlet komiteti täze milli syýahatçylyk brendini döretmek üçin bäsleşik geçirer.

2024-nji ýylda, Bütindünýä syýahatçylyk güni mynasybetli, Komitet 2024-2025-nji ýyllarda 10 milliondan gowrak tomaşaçy bilen 50-e çenli žurnalistsurnalist, blogerleriň we beýlekileri özüne çekjek ilkinji ählumumy syýahatçylyk media-lagerini gurar.

ORIENT news

Foto: yuz.uz

Şeýle hem okaň: