Iň täze habarlar

Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Astrahanda önümçilik tejribeligini geçdiler

24.07.2024 | 14:39 |
 Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Astrahanda önümçilik tejribeligini geçdiler

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadyndaky “Lukmançylyk-sanitariýa bölümide” umumy lukmançylyk boýunça önümçilik tejribeligini geçdiler. Bu barada Astrahan sebitiniň häkimliginiň portaly habar berdi.

Talyplar terapiýa, kardiologiýa, lukmançylyk reabilitasiýasy we hassahananyň kabul ediş bölümi bilen tanyşdylar we oftalmologiýa merkeziniň hünärmenleri bilen söhbetdeş boldular. Olar ýokary okuw mekdebiniň akkreditasiýa we simulýasiýa merkezine baryp gördüler, şol ýerde edaranyň ýolbaşçysy Ruslan Falçari interaktiw usulda okuw wagtynda ulanylýan iň täze enjamlary görkezdi.

Geljekki lukmanlar ýürek-damar hirurgiýasy Federal merkezine hem baryp gördüler.

Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Olga Başkina, türkmen talyplarynyň geljekki hünärlerine düşünmäge bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berdi we mundan beýläkde bilelikde netijeli işleşjekdigine umyt bildirdi.

Bu önümçilik tejribeligi, Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky 2019-njy ýylda Aşgabatda gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde gurnaldy.

ORIENT news

Foto: astrobl.ru

Şeýle hem okaň: