Iň täze habarlar

Belarus ŞHG-niň agzasy boldy

05.07.2024 | 14:43 |
 Belarus ŞHG-niň agzasy boldy

Belarus Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň resmi taýdan doly hukukly agzasy boldy. Astanada geçen ŞHG-a agza döwletleriň baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde bu baradaky çözgüde gol çekildi.

Belarus ŞHG-niň 10-njy agzasy boldy. Şeýle hem bu gurama Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan agza bolup durýarlar.

Sammitde başlyklyk eden Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew Belarusyň ŞHG-niň giňişliginde howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bu çözgüdi biragyzdan goldandyklary üçin ŞHG döwlet Baştutanlaryna hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Gurama bilen bilelikdäki wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigine ynandyrdy. Onuň aýtmagyna görä, ŞHG Belarus üçin diňe bir halkara gurama bolman, eýsem strategik mümkinçilikdir hem.

Şeýlelikde, synçylaryň hatarynda Owganystan we Mongoliýa galdy. 14 ýurt-Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, Katar, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal, BAE, Saud Arabystany, Türkiýe we Şri-Lanka ŞHG-niň dialog boýunça hyzmatdaşlarydyr.

ORIENT news

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: