Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde durmuş özgertmelerine ygrarlydygyny tassyklady
02.10.2024 | 19:45 |Çarşenbe güni, 2-nji oktýabrda BMG Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 57-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde, “Adam hukuklary we ösüş hukugy” mowzugynda ugurdaş çäre gurady.
Bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň hemişelik wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri we adam hukuklary boýunça bilermenler gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew çykyş etdi. Adam hukuklarynyň esasy şerti hökmünde ösüş hukugynyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň bu ugurdaky häzirki tagallalary barada aýtdy.
Ilçi Hajyýew ýurduň ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Bu başlangyçlar gurluşlaýyn özgertmeleri, iş orunlaryny döretmegi we kiçi we orta telekeçilige goldawy öz içine alýar, bular raýatlar, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Hajyýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda sebitdäki durnuklylyga we howpsuzlyga goşant goşmak bilen durmuş ugruna gönükdirilen döwletiň eýeleýän ornuna ygrarlydygyny aýtdy.
Adam hukulary boýunça geňeşiň 57-nji mejlisi 9-njy sentýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda Ženewada geçirilýär.
ORIENT news