Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýa pudagynyň önümleri satyn alyndy

18.10.2024 | 09:08 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: ýeňil senagat we nebit himiýa pudagynyň önümleri satyn alyndy

17-nji oktýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagat we nebit himiýa pudagynyň önümleri satyn alyndy.

Owganystanyň telekeçileri suwdan arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” markaly karbamidi satyn almak barada “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden agardylmadyk nah ýüplükleri satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 3 168 000 manada we 2 224 000 amerikan dollara barabar bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgy ссылке boýunça tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: