“КазМунайГаз” we CNPC nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler
18.10.2024 | 10:27 |Gazagystanyň “КазМунайГаз” milli nebit kompaniýasy we Hytaýyň CNPC milli nebit-gaz kompaniýasy nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.
Bu baradaky mesele “КазМунайГаз” milli kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýeti müdirliginiň başlygy Ashat Hasenowyň hem-de Merkezi Aziýa we Russiýa boýunça CNPC kompaniýasynyň baş direktory Çen Huaýlunyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, milli kompaniýanyň habarlar gullugy belleýär.
Hususan-da, taraplar geologiýa gözlegleri, nebit-gaz himiýasy, nebiti gaýtadan işlemek, şeýle hem nebit daşamalary babatda özara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerine garadylar.
Astanada geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda “КазМунайГаз” we CNPC Nebit-gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler.
Mundan başga-da, gözleg tehnologiýalaryň alyşmagy hem-de nebit we gaz ýataklarynyň özleşdirilmegi boýunça gazak-hytaý tehniki seminarlaryny geçirmek barada ylalaşyklara ýetildi. Şu ýyl geçirilýän ýer diýlip Gyzylorda şäheri saýlandy.
ORIENT news