TDHÇB-de söwdalar: «KO-20» kysymly yşyklandyryjy kerosin ýerlenildi
30.05.2024 | 10:52 |Çarşenbe güni, 29-njy maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda «KO-20» kysymly yşyklandyryjy kerosin ýerlenildi.
Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler «KO-20» kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 981 325 dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news