Iň täze habarlar

16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

01.03.2024 | 23:01 |
 16-njy martda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Şu ýyl 16-njy martda Türkmenistanda bahar möwsüminiň ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu barada Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine köpçülikleýin bag bag ekmek dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: