Iň täze habarlar

Gatnaşyklar pugtalandyrylýar: Türkmenistan we Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

28.02.2024 | 21:18 |
 Gatnaşyklar pugtalandyrylýar: Türkmenistan we Tatarystan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

27-nji fewralda Kazanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň rektorlarynyň arasynda duşuşyk boldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Güýç Garaýewiň gatnaşmagynda geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň saýtynda habar berilýär.

Bilim we ylym ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Uniwersitetleriň rektorlary Gurbanmyrat Mezilow hem-de Ýuriý Kazakow ýolbaşçylyk edýän ýokary okuw mekdepleri barada tanyşdyrdylar. Şunda hünärmenleri taýýarlamagyň esasy ugurlaryna üns çekildi. Gurbanmyrat Mezilow derwaýys ugurlarda, hususan-da, biotehnologiýa, nanotehnologiýa, himiýa tehnologiýasy, nebitgaz pudagy we beýleki ugurlarda türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi.

Rektorlar Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetinde, şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem-de Aşgabat we Kazan şäherlerinde geçirilýän halkara ylmy-barlag çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Öz gezeginde G.Mezilow Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň professorlaryny 2024-nji ýylyň mart aýynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçiriljek halkara maslahatynda biotehnologiýa boýunça çykyş etmäge çagyrdy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça özara düşünişmegi gazandylar hem-de ikitaraplaýyn Ähtnamany baglaşmagyň mümkinçiligine garamagy maksat edinýändiklerini bellediler.

Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetinde 20 müňden gowrak talybyň bilim alýandygyny bellemek gerek. Şunda Ýuriý Kazakowyň belleýşi ýaly, uniwersitetiň daşary ýurtly talyplarynyň umumy sanynyň 74 göteriminiň türkmenistanly talyplar düzýär.

ORIENT news

Foto: kazan.tmconsulate.gov.tm

Şeýle hem okaň: