Iň täze habarlar

Russiýaly mugallymlar Aşgabatda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler

22.11.2023 | 21:25 |
 Russiýaly mugallymlar Aşgabatda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler

Russiýaly hünärmenler Aşgabatda mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna başladylar. Okuwlar Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binasynda geçirilýär. Çagalar baglarynyň terbiýeçileri we orta mekdepleriň 300-den gowrak mugallymlary 10 günüň dowamynda hünärmen sapaklaryna gatnaşarlar.

Okuw sapaklary Russiýanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersiteti tarapyndan guraldy.

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryň açylyş dabarasy 20-nji noýabrda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

1.jpg

Sapaklary Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň 6 mugallymy geçýär. Onuň çäklerinde türkmenistanly mugallymlar dürli dersleri okatmakda häzirki zaman usullaryny öwrenerler. Mowzuklar şulary öz içine alýar: matematika mugallymynyň işinde işjeňlige gönükdirilen sapagy taslamak; “Informatika” dersinde bilim netijelerini emele getirmek we baha bermek üçin gurallar; sanly tehnologiýalary ulanmak bilen rus dili we edebiýatynyň toplumlaýyn sapagy; başlangyç synp mugallymlarynyň tejribesinde kiçi mekdep okuwçylarynyň okamak sowatlylygyny ösdürmek üçin usullary peýdalanmak; biologiýa we himiýa derslerini okatmakda diagnostika we bilim netijeleriniň emele gelmegi.

Okuwlar 30-njy noýabrda tamamlanar.

2 (1).jpg

ORIENT news

Foto: tatngpi.ru

Şeýle hem okaň: