Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

20.09.2023 | 00:01 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi. Şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti, strategiýany BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýändigini belledi diýip, TDH habar berýär.

Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen, olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, BMG-niň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz diýip, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Men BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

BMG häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär.

Şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy, gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys. Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy, gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan, dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

ORIENT news

Foto: news.un.org

Şeýle hem okaň: