Jemgyýet
Türkmenistana ýagyşly güýz salkyn howa aralaşdy
21.10.2024
|21:50
|242
Bu hepde ýurduň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin gysga wagtlaýyn ýagyşly we salkyn güýz howasy garaşýar. Gündiz ortaça temperatura +26 gradusa ýeter.
Täze Zelandiýanyň howa menzili hoşlaşyk gujaklaşma wagtyna çäklendirmeleri girizýär
21.10.2024
|14:41
|406
Täze Zelandiýadaky Danidin howa menzili ýolagçylara we olary ugradýanlara üç minutdan artyk gujaklaşmagy gadagan etdi diýip, CNN habar berýär.
Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň CISM-iň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi
19.10.2024
|18:40
|389
Halkara Harby Sport Geňeşiniň (CISM) Brýusselde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen guramanyň Baş sekretary harby deňiz güýçleriniň kapitany Roberto Rekkýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda CISM-iň işleri, başlangyçlary we guramanyň howandarlygynda geçirilen halkara sport çärelerine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy
19.10.2024
|05:05
|327
18-nji oktýabrda, anna güni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň (“Rossotrudniçestwo”) ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakow bilen duşuşdy.
Türkmenistan Stambulda gender deňligi we howa boýunça gepleşiklerine gatnaşýar
18.10.2024
|21:50
|290
Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ýurduň wekiliýetine 17-18-nji oktýabr aralygynda Stambulda geçirilen “Gender deňligine we inklýuziw howa hereketlerine maýa goýmak” gepleşiklerine gatnaşmaga ýardam berdi. Bu çäre BMGÖM sebit merkezi hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň merkezi tarapyndan gurnaldy we ol howa syýasatynda gender deňligine we sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy.
Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler
17.10.2024
|22:10
|220
Aşgabatda 27-nji oktýabrda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň tohumyň iň gowy wekili adyny almak ugrunda halkara bäsleşik geçiriler. Bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik bäsleşigi hem geçirilip, oňa suratkeşler, halyçylyk ussatlary, wideograflaryň we türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän beýleki hünärleriň wekilleri üçin niýetlenen nominasiýalar girizilen.
Türkmenistan Seulda Ählumumy Ýaşyl ösüş institutynyň forumyna gatnaşdy
17.10.2024
|16:40
|219
16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Nury Jumaşow Seulda Ählumumy Ýaşyl ösüş instituty (GGGI) tarapyndan guralan ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. GGGI maslahaty ýaşyl ösüş babatda öňdebaryjy tejribe alyşmaga we Pariž ylalaşygynyň we “NetZero” maksatlaryny durmuşa geçirmäge bagyşlandy.
Тürki döwletleriň suratkeşleriniň sergisi: geçiriljek ýeri we başlanýan wagty belli boldy
17.10.2024
|16:25
|240
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalar.
“Türkmenpoçta” iberişleriň çalt eltip bermek hyzmatyny girizdi
17.10.2024
|15:30
|294
Ilatyň ýurduň içinde iberişleriň çalt we ygtybarly eltip bermek zerurlygyny kanagtlandyrmak maksady bilen “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy täze “Ekspress poçta” hyzmatyny girizdi.
Aşgabatda "Nalmes" toparynyñ çykyşyndan täsirli pursatlar
16.10.2024
|23:55
|230
Russiýa Federasiýasynyñ Medeniýet günleriniñ başlan güni Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgi ýatdan çykmajak duýgylaryñ ýerine öwrüldi.