Türkmenistan we TÜRKSOÝ täze başlangyçlary meýilleşdirýär
15.11.2024 | 20:00 |15-nji noýabrda, anna güni Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi we gepleşikleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan türkmen medeniýetiniň giňden tanadylmagy ugrunda we türki halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalary üçin TÜRKSOÝ-a minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
TÜRKSOÝ 2024-nji ýylda möhüm senelere bagyşlap 40-dan çäräni şol sanda 2024-nji ýyl “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilmegi, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirdi.
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, I Türki dünýäsiniň şekillendiriş sungaty biennalesi, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň muzeý ýolbaşçylarynyň we ýazyjylarynyň duşuşygy, şeýle hem “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly has möhüm çäreleriň hatarynda görkezildi.
16-njy noýabrda, şenbe güni Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy, şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Meredow bilen Raýew 2025-nji ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna türk dilinde çap edilen “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň sowgatlyk neşirleriniň gowşurylmagyny haýyş etdi. Şeýle hem Sultan Raýew türkmen tarapyna TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan surat eserleriniň bäsleşiginiň we düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň ýygyndysyny gowşurdy.
R.Meredow Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-na ICESCO-nyň hem-de ÝUNESKO-nyň arasyndaky birleşdiriji köpri hökmünde garaýandygyny belledi şeýle hem guramanyň TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi ýaly hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny ösdürilýändigini nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler türki halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.
ORIENT news