Jemgyýet
Türkmenistan Raýatlygy bolmadyk adamlaryň işi boýunça ählumumy bileleşige goşuldy
16.10.2024
|22:35
|240
16-njy oktýabrda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşiklerde esasy üns raýatlygy bolmadyk adamlar bilen hyzmatdaşlyk meselesine gönükdirildi.
Hytaýdaky Bütindünýä media-sammiti dünýäniň 106 ýurdundan 500-den gowrak wekillerini ýygnady
16.10.2024
|15:43
|484
Hytaýyň Demirgazyk-Günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyň Uurmçi administratiw merkezinde 6-njy Bütindünýä media-sammiti dünýäniň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 208-den, hökümet edaralaryndan, halkara guramalaryndan we dünýäniň 106 ýurdundan we sebitinden 500-den gowrak wekillerini ýygnady.
Dizaýny kanuny taýdan goramaga bagyşlanan seminar geçirildi
16.10.2024
|14:45
|372
16-17-nji oktýabr aralygynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Dizaýnyň kanuny goragy. Ýewraziýa sebitinde senagat dizaýnlaryny kanuny goramak ulgamlaryny ösdürmek" ady bilen seminar geçirilýär.
Astrahanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyk gününe bagyşlanan tegelek stol geçirildi
16.10.2024
|11:50
|403
2024-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda W.N.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan tegelek geçirildi.
Çapar Pay goşundysynda USSD-haýyşlaryny we gysga “Altyn Asyr” belgilerini ugradyp bolýar
16.10.2024
|11:46
|316
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar Pay köpugurly goşundysynda indi peýdaly USSD-haýyşlaryny we “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk milli operatorynyň gysga belgilerini ugradyp bolýar.
BMG-niň Ženewadaky edarasy Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi
15.10.2024
|16:40
|336
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy. 14-nji oktýabrda sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.
Aşgabatdaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezi hormatly Koreýaly myhmany kabul etdi
15.10.2024
|10:52
|298
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň başlygynyň aýaly Hanym Şin Kýunghe Patyşa Seljon adyndaky Koreý dilini we medeniýetini öwrenmegiň merkezine baryp gördi.
ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda suw tygşytlamak başlangyjy durmuşa geçirýär
14.10.2024
|23:30
|187
ÝUNISEF BMG-niň Aşgabatdaky edara binasynda suwdan tygşytly peýdalanmaga we suw çeşmelerini dolandyrmakda durnukly tejribäni birleşdirmäge gönükdirilen innowasiýa başlangyjy durmuşa geçirip başlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy BMG-nyň 10 guramasy bilen çäkleri paýlaşýar, bu ýerdäki töwerekleri yzygiderli suwarmak we abatlamak ep-esli suw talap edýär. Hasaplamalara BMG-nyň edara binasynyň meýdanyny suwarmak üçin her ýyl 14,000-17,000 litr aralygynda suw ulanylýar.
Türkmenistanyň DIM tarapyndan geçirilen brifing: Magtymguly Pyraga bagyşlanan forum, parahatçylyk boýunça halkara dialog üçin esas hökmünde
14.10.2024
|21:20
|353
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
14.10.2024
|18:05
|356
14-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.