Iň täze habarlar

Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

17.10.2024 | 22:10 |
 Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp kinologiýa we döredijilik bäsleşikler geçiriler

Aşgabatda 27-nji oktýabrda türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň tohumyň iň gowy wekili adyny almak ugrunda halkara bäsleşik geçiriler. Bu baýramçylyk mynasybetli döredijilik bäsleşigi hem geçirilip, oňa suratkeşler, halyçylyk ussatlary, wideograflaryň we türkmen alabaýynyň keşbini wasp edýän beýleki hünärleriň wekilleri üçin niýetlenen nominasiýalar girizilen.

Türkmen alabaýynyň güni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylygyň çäginde ýurtda medeni çäreler – bäsleşikler, sergiler, konsertler, şeýle hem “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýasynyň mejlisi we ylmy maslahaty guralýar.

_ULE5224.JPG

Häzirki wagtda ÝUNESKO-da türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli sungatynyň siwilizasiýanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistan tarapyndan başlangyjy öňe sürülýär.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: